Samsung Windows bilen işleýän kompýuterler üçin öz brauzerini döretdi

  • 01.12.2023 15:30
  • 3.1k+

«Samsung» kompaniýasy «Windows» bilen işleýän kompýuterler üçin hususy internet-brauzerini çykardy.

«Windows» üçin niýetlenen «Samsung Internet» «Google Chrome» we «Microsoft Edge» ýaly brauzerlerden açylan we ýatda saklanan sahypalary, gözleg taryhyny import etmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, «Samsung-yň» brauzeri mahabat bloklaýjysy, gizlinlik režimi, ýagty we garaňky temalar, şeýle hem giňeltmeler üçin goldaw bilen üpjün edildi.
«Samsung Internet» brauzeri «Chromium-a» esaslanýar, şonuň üçin ony «Chrome-da» we «Edge-de» işleýän giňeltmeler hem-de sazlamalar bilen utgaşdyrmak mümkindir. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda «Samsung Internet» «Google Chrome» internet dükanyndaky ähli giňeltmeleri goldamaýar.
Bellenilmegine görä, «Windows» üçin niýetlenen «Samsung Internet» entek beýle bir gowy işlemeýär – sahypa haýal açylýar we ekranyň täzeleniş tizligine gabat gelmeýär. Bu «Android» üçin niýetlenen «Samsung Internet» ykjam goşundysynyň işleýşinden has tapawutlanýar.
«Samsung-yň» brauzeri «Windows 10» we «Windows 11» operasion ulgamlarynda işleýän kompýuterlerde ulanylyp bilner.


12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...