Financial Times 2023-nji ýylyň iň görnükli 25 zenanynyň sanawyny düzdi

  • 01.12.2023 15:26
  • 9k+

«Financial Times» (FT) britan gazeti 2023-nji ýylyň iň görnükli 25 zenanynyň sanawyny çap etdi. Oňa amerikaly aktrisa Margo Robbi, aýdymçy Beýonse we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen girdi.

Neşiriň belleýşi ýaly, bu ýörite taslama birnäçe aýyň dowamynda onlarça býurodan FT-niň ýüzlerçe žurnalistleri, okyjylary we pudak ýolbaşçylary bilen maslahatlaşyp döredildi. Netijede, abraýly baýraklara eýe bolan zenanlaryň sanawy düzüldi, ýöne hatda «Nobel» we «Pulitser» baýraklary, «Gremmi» we dünýä kuboklary hem olaryň işleriniň köptaraply häsiýetini doly şöhlelendirip bilmeýär diýip, «Financial Times» belleýär.
Bu sanawda Ukrainanyň Prezidentiniň aýaly Ýelena Zelenskaýa, eýranly adam hukuklaryny goraýjy Narges Mohammadi, BMG-niň Biologik dürlülik baradaky konwensiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Elizabet Maruma Mrema, Braziliýanyň daşky gurşawy goramak ministri Marina Silwa we Şweýsariýanyň Federal Geňeşiniň agzasy Karin Keller-Satter orun aldylar.
Şeýle hem oňa Günorta Koreýanyň aýdym-saz topary «aespa», ýazyjy Lola Şonein, «OpenAI» kompaniýasynyň tehniki direktory Mira Murati we beýleki zenanlar girizildi.

şu gün 20:25
2k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
2.2k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......