Konte ýene «Ýuwentusyň» baş tälimçisi bolup biler

  • 01.12.2023 15:06
  • 4.5k+

Italiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň öňki tälimçisi Antonio Konte 2024-nji ýylyň tomsunda ýene-de Turiniň «Ýuwentus» toparynyň baş tälimçiligine bellenip bilner.

Bellenilmegine görä, klubuň ýolbaşçylary 54 ýaşly italýan hünärmen bilen indiki möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşdylar. «Ýuwentusyň» häzirki tälimçisi Massimiliano Allegri şu möwsümiň ahyrynda topardan gider.
Konte 2011-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli «Ýuwentusa» ýolbaşçylyk etdi we ýurduň milli ýygyndysynda işlemek üçin wezipesinden gitdi. Konteniň ýolbaşçylygynda «Ýuwentus» yzly-yzyna üç gezek Italiýanyň çempionatynda ýeňiji boldy we iki gezek ýurduň Superkubogyna eýe boldy.
Italiýanyň milli ýygyndysyndan soň, Konte Londonyň «Çelsi» (2016 – 2018) we «Tottenhem» (2021 – 2023) toparlaryna ýolbaşçylyk etdi, şeýle hem Milanyň «Inter» klubunyň (2019 – 2021) baş tälimçisi bolup, 2020/21 möwsüminde Italiýanyň çempionatynda ýeňiji boldy. Mundan başga-da, ol «Çelsi» bilen Angliýanyň çempiony we ýurduň kubogynyň eýesi boldy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......