Norwegiýanyň paýtagty saamlaryň dilinde ikinji adyna eýe bolar

  • 01.12.2023 14:27
  • 7.4k+

Norwegiýanyň paýtagty Oslo ýakyn wagtda ikinji ada – Oslowe adyna eýe bolar, ol saamlaryň dilinde şeýle atlandyrylýar. Oslonyň şäher administrasiýasynyň Medeniýet we bilim komiteti şäheriň ýene bir adyny makullady, ol dekabr aýynda resmi taýdan tassyklanar. Bu barada NRK teleýaýlymyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Teleýaýlymyň maglumatlaryna görä, adyň saýlanmagy saam jemgyýetinde uly seslenme döretdi. Oslodaky saam guramalary şäheriň norwegiýa we saam atlarynyň arasyndaky tapawudyň simwoliki ähmiýetini bellediler.
Şol bir wagtyň özünde täzelik Saam parlamentiniň geografiki atlar gullugynyň tekliplerine ters gelýär, ýagny oňa laýyklykda paýtagtyň “Oslo” adynyň saam dilleriniň hiç birinde-de deň gelýän manysy ýok.
Şeýle-de bolsa, paýtagtyň syýasatçylary ýerli dolandyryş ministrligine Oslo kommunasyna hem saam adyny – lule-saam dilinde “Oslo suohkan” we demirgazyk saam dilinde “Oslo suohkan” ýa-da “Oslo ýielda” adyny bermek bilen baglylykda ýüz tutmagy meýilleşdirýärler.
Saamlar az sanly fin-ugor halkydyr. Onuň wekilleri Russiýada, Norwegiýada, Finlýandiýada, Şwesiýada we Demirgazyk Amerikada ýaşaýar. Saamlaryň öz baýdagy we döwlet senasy bar.


14.06.2026 22:32
4.3k+

Norwegiýada gämiler üçin dünýäde ilkinji geçelge gurlar: ol dag toplumynyň içinden geçer

Norwegiýanyň häkimiýetleri dünýäde ilkinji ýörite deňiz gämileri üçin niýetlenen, dag toplumynyň içinden geçjek tuneliň gurluşyk meýilnamasyny tassykladylar. «Stad Ship Tunnel» taslamasy gämilere ýurduň......

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

15.05.2026 11:33
3.4k+

Norwegiýanyň gündogaryndaky bir meýdanda 3000-den gowrak wikingler döwrüne degişli kümüş teňňe tapyldy

Gündogar Norwegiýada geçen aý ýurduň wikingler döwrüne degişli kümüş teňňeleriniň iň uly hazynasy tapyldy — aýyň ahyryna çenli arheologlar XI asyra degişli 3000-den gowrak nusgany tapdylar....

13.05.2026 12:33
8.5k+

Norwegiýada alty ýaşly oglanjyk wikingleriň 1300 ýyllyk gylyjyny tapdy

Norwegiýaly alty ýaşly mekdep okuwçysy synpdaşlary bilen gezelenç wagty, takmynan, 1300 ýyl bäri ýeriň astynda ýatan wikingler döwrüne degişli gadymy gylyjy tapdy....