Hindistanda 2023-nji ýylda her gün diýen ýaly tebigy betbagtçylyklar bolup geçdi

  • 01.12.2023 14:26
  • 20k+

2023-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda tebigy kataklizmler we betbagtçylyklar her gün diýen ýaly Hindistanyň dürli sebitlerine täsirini ýetirip, birnäçe ölümiň we weýrançylygyň sebäbi boldular. Muny Ylym we daşky gurşaw boýunça garaşsyz seljeriş merkeziniň (CSE) hasabatynyň maglumatlary delillendirýär diýip, TASS habar berýär.

Gözlegiň netijelerine görä, Hindistanda adatdan daşary howa şertleri 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan sentýabr aýy aralygyndaky günleriň 86%-inde hasaba alyndy. Netijede, 2 923 adam ýogaldy, tas 2 mln gektar ekin ýok edildi, 80 müň öý ýumruldy, 92 müňden gowrak haýwan öldi.
Adatdan daşary howa hadysalary, esasan, Hindistanyň merkezindäki Madhýa-Pradeş ştatynda bolup geçdi – 138. Iň köp ölüm ýurduň gündogaryndaky Bihar ştatynda boldy (642), onuň yzyndan Himaçal-Pradeş (365) we Uttar-Pradeş (341) gelýär.
Gözlegçiler ýanwar aýynyň ortaçadan birneme maýyl bolandygyny, fewral aýynyň bolsa soňky 122 ýylda iň maýyl fewral bolup rekord goýandygyny habar berdiler. Bu ýyl Hindistanda soňky 122 ýylda iň gurak awgust hem hasaba alyndy.
Güýçli tupanlar iň köp ýaýran tebigy betbagçylyk bolup, 273 günüň 176-synda ýüze çykdy we 711 adamyň ölümine sebäp boldy. Iň köp ýumrulmalar güýçli ýagyşlar, suw joşmalary we süýşgünler sebäpli boldy, netijede 1 900-den gowrak adam ýogaldy.


düýn 20:17
3.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......