Xiaomi Apple Watch-yň äheňinde akylly sagatlaryny tanyşdyrdy

  • 01.12.2023 13:18
  • 3.5k+

«Xiaomi» kompaniýasy uly ekrany, suwa garşy goragy we arzan bahasy bolan «Redmi Watch 4» akylly sagadyny tanyşdyrdy.

«Redmi Watch 4» demir korpus, 450x390 piksel durulygy, 60 Hz şekil täzeleniş tizligi we «Always on Display» goldawy bolan 1,97 dýuýmlyk AMOLED displeý bilen üpjün edildi. Şeýle hem ekran üçin 200-den gowrak dürli sagat şekilleriniň girizilendigi bellenilýär.
«Watch 4» giň sport we fitnes mümkinçiliklerine eýedir. Ol türgenleşikleriň 150-den gowrak görnüşini yzarlap, şeýle hem ýürek urgusyny, gandaky kislorodyň derejesini, ukynyň hilini, stressi we beýleki saglyk görkezijilerini ölçäp bilýär. Mundan başga-da, enjam 5 atmosfera çenli basyşa çydamaga mümkinçilik berýän NFC moduly we suwa garşy gorag bilen enjamlaşdyrylandyr.
Öndürijiniň bellemgine görä, «Redmi Watch 4» adaty tertipde 20 güne çenli, «Always on Display» tertibi açylanda 10 güne çenli, garaşmak tertibinde bolsa 30 güne çenli işläp bilýär.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...