Xiaomi iň ýagty ekrany bolan smartfon çykardy

  • 01.12.2023 13:16
  • 5.8k+

«Xiaomi» kompaniýasy iri tanyşdyryş dabarasyny geçirip, onuň çäklerinde «Redmi K70» we «K70 Pro» flagman smartfonlaryny hödürledi.

Iki enjam hem 2K durulykly, 120 Hz täzelenme tizligi we 3840 Hz giňlik-impuls modully garalma ýygylygy bolan 6,67 dýuýmlyk OLED ekran bilen üpjün edildi. «Redmi K70» smartfonlarynyň ekranlarynyň esasy artykmaçlygy iň ýokary 4000 nit derejä ýetýän rekord ýagtylygydyr.
«Redmi K70-niň» öndürijiligine geçen ýylky «Snapdragon 8 Gen 2» flagman çipi jogap berýär, «Redmi K70 Pro» bolsa täze «Snapdragon 8 Gen 3» bilen üpjün edildi. Iki enjamda hem LPDDR5X operatiw ýat we UFS 4.0 goşmaça ýat ulanyldy. Iki smartfonyň hem akkumulýatorynyň sygymy 5000 mA/s bolup, olar 120 Wt tiz zarýad beriji bilen üpjün edilýär.
«Redmi K70 Pro-nyň» esasy kamerasy 50 megapiksel durulykda bolup, 1/1,55 dýuým ululygy we f/1,6 diafragmasy bolan «Light Hunter 800» sensory bilen enjamlaşdyrylan. Ol şekili optiki taýdan stabilizasiýalaşdyrmak ulgamyna we «Xiaomi Night Owl» sesi basmak algoritmine eýedir. Mundan başga-da, smartfonda iki esse optiki ýakynlaşdyrma (zum) mümkinçiligi bolan 50 megapiksellik teleobýektiw we 8 megapiksellik ultra giň burçly kamera ornaşdyryldy. Smartfonyň sekuntda 30 surata düşmäge ukyplydygy aýdylýar. Esasy «Redmi K70-de» teleobýektiwiň ýerine 2 MP kömekçi kamera bilen üpjün edildi.
Iki smartfon hem «Android 14-iň» esasynda işleýän «Xiaomi HyperOS 1.0.1» operasion ulgamy bilen üpjün edildi. Täze smartfonlaryň bahasy 2,5 müň ýuandan başlaýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...