Xiaomi Redmi K70E arzan smartfonuny çykardy

  • 01.12.2023 13:11
  • 5.5k+

Xiaomi kompaniýasy öňkülerden kuwwaty pes prosessory we kameralary bilen tapawutlanýan «Redmi K70E« arzan smartfonyny çykardy.

«Redmi K70E» 1,5K durulykly, 120 Hz täzelenme tizligi we 1920 Hz giňlik-impuls modully garalma ýygylygy bolan 6,67 dýuýmlyk OLED ekran bilen üpjün edildi. Displeýiň iň ýokary ýagtylygy 1800 nit-e deňdir. Şeýle hem ekranyň aşagynda barmak yzy skaneri ýerleşdirildi.
Smartfonyň esasy kamerasy 64 megapiksel durulyga we şekili optiki taýdan stabilizasiýalaşdyrmak ulgamyna eýedir. Onuň üstüni 8 megapiksel ultra giň burçly modul we 2 megapiksel durulykly ikinji derejeli sensor ýetirýär.
«Redmi K70E-niň» öndürijiligine täze 4nm-lik «MediaTek Dimensity 8300 Ultra» çipi, LPDDR5X operatiw ýady we UFS 4.0 goşmaça ýady jogap berýär.
Smartfonyň 5500 mA/s akkumulýatory 90W zarýad beriji bilen goldanýar. Şeýle hem Stereo dinamikleriň we NFC modulynyň ornaşdyrylandygy bellenilýär.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...