Türkmenistan «Asyrlaryň yzlary» atly halkara ylmy ýygyndyny neşir etmäge taýýarlanýar

  • 30.11.2023 23:28
  • 7.4k+

Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerinde geçirilen ylmy barlaglaryň dowamynda soňky ýyllarda toplanan ylmy maglumatlary dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine giňden tanatmak maksady bilen, «Asyrlaryň yzlary»  atly halkara ylmy ýygyndy neşir ediler. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň öz serişdeleriniň hasabyna «Asyrlaryň yzlary»  atly halkara ylmy ýygyndyny türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmek göz öňünde tutulýar.
Bellenilişi ýaly,  häzirki wagtda degişli düzümler hereket edýän ylalaşyklaryň esasynda daşary ýurtlaryň tanymal ylmy merkezleri bilen ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini düýpli öwrenmek we geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler.
Bu täze  neşir giň okyjylar köpçüligi, şol sanda daşary ýurtly okyjylar üçin niýetlenilýär. Şunuň bilen birlikde, bu neşiri Aziýanyň, Ýewropanyň we Amerikanyň iri ylmy merkezleriniň kitaphanalaryna ibermek, şeýle hem onuň elektron görnüşini internet arkaly okyjylara elýeterli etmek meýilleşdirilýär.
Täze neşiriň redaksion geňeşiniň düzümine türkmen alymlary we bilermenleri bilen bir hatarda, Fransiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Russiýanyň meşhur bilermenleriniň we alymlarynyň goşulandygy barada aýdyldy.


düýn 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......