Näme üçin Apple mahabatlarynda ähli enjamlarynda hemişe şol bir wagt görkezýär?

  • 30.11.2023 20:24
  • 12k+

Apple-iň önüm mahabatlaryna üns beren bolsaňyz, goý, ol iPhone, iPad ýa-da Mac bolsun, tapawudy ýok, ähli enjamlarda hemişe şol bir wagtyň görkezilýändigini görüp bilersiňiz — ir sagat 9:41.

Bu tötänlik däl-de, eýsem, ähli ownuk detallara hem ünsli çemeleşýänligi bilen tanalýan Apple-e mahsus oýlanyşykly edilen hereket.
Bu aýratynlygyň taryhy 2007-nji ýylda, Stiw Jobs ilkinji gezek iPhone-ny hödürlän mahaly başlandy. Tanyşdyryş ir sagat 9:00-da başlandy we takmynan 42 minutdan soň, Jobsuň arkasyndaky ekranda ir sagat 9:42-ni görkezýän ilkinji iPhone peýda bolupdy.
Bu pursat smartfon pudagy üçin öwrülişik boldy we Apple ähli mahabat şekillerinde wagty sagat 9:42 diýip bellemek bilen, ony ýatlamak kararyna geldi.
Şeýle-de bolsa, 2010-njy ýylda ilkinji iPad-iň çykmagy bilen kompaniýa wagtyny ir sagat 9:41-e üýtgetdi. iOS-yň ozalky ýolbaşçysy Skott Forstall Apple -iň öz tanyşdyryşlaryny iň tolgundyryjy pursat 40 minutdan soň başlar ýaly, ýörite meýilleşdirendigini düşündirdi. Häzirki wagtda Apple-iň uly bildirişleri wakanyň takmynan 40-njy minutynda bolup geçmese-de, ähli enjamlarda sagadyň 9:41-i görkezmek däbi dowam edýär.
Kadadan çykma hökmünde Apple Watch mahabatda, 10:08-i görkezýän beýleki sagatlardan has ýokarydygyny aňladyp, 10:09-y görkezýändir.


11.04.2026 14:59
7.8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...