EKSPO-2030 sergisi Saud Arabystanynda geçiriler

  • 29.11.2023 18:50
  • 8.1k+

Saud Arabystanynyň paýtagty 2030-njy ýylyň Bütindünýä sergisini geçirmek üçin ýer hökmünde saýlandy. Bu barada “Le Monde” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Er-Riýad beýleki dalaşgärlerden ep-esli öňe geçdi. Ol 119 ses gazandy, şol bir wagtyň özünde ikinji orny eýelän Günorta Koreýanyň Pusan şäheri 29 ses aldy. Üçünji dalaşgär bolan Rim 17 ses aldy. Bütindünýä sergiler býurosynyň düzgünleri mümkin bolan 165 sesden azyndan 2/3 ses alan dalaşgäri ýeňiji diýip hasaplaýar.
Birinji Bütindünýä sergisi 1851-nji ýylda Londonda geçirildi. Häzir olar bäş ýyldan bir gezek geçirilýär we alty aýa çenli dowam edýär. Soňky sergi Dubaýda geçirildi. 2025-nji ýylda ol Osakada geçiriler.


29.01.2026 15:22
12k+

Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy

​Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar...

27.01.2026 18:00
6.6k+

Saud Arabystany Neom taslamasynyň gerimini kiçeltmegi we konsepsiýany üýtgetmegi meýilleşdirýär

Saud Arabystany 2017-nji ýylda badalga berlen «geljegiň şäherini» döretmek boýunça Neom taslamasynyň gerimini ep-esli kiçeltmegi we konsepsiýany bölekleýin üýtgetmegi göz öňünde tutýar. Bu barada «Financial Times» neşiri habar berýär...

24.01.2026 09:22
2.8k+

Türkmenistan we Saud Arabystany atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Saud Atçylyk Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Fuad bin Fahad Ibrahim bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda Fuad bin Fahad Ibrahim Federasiýanyň işi we atçylyk sporty boýunça geçirilýän milli we halkara çäreleri barada giňişleýin maglumat berdi...

17.12.2025 12:24
1.6k+

Türkmenistan BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

14-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy...