Gyrgyzystan milli baýdagynyň dizaýnyny resmi taýdan üýtgeder

  • 29.11.2023 18:46
  • 10k+

Gyrgyzystanda döwlet baýdagynyň dizaýny üýtgediler. Konstitusiýa kanunçylygy, döwlet gurluşy, kazyýet-hukuk meseleleri we Ýokary geňeşiň düzgünleri boýunça komitet üýtgetmeleri tassyklady diýlip, gyrgyz parlamentiniň saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, 28-nji noýabrda komitet ilkinji okalyşda “Gyrgyz Respublikasynyň döwlet nyşanlary baradaky kanuna “Üýtgetmeler girizmek baradaky” kanun taslamasyna seretdi we tassyklady. Kanun taslamasy üçin 66 deputat ses berdi, 8-isi garşy çykdy.
Kanun taslamasy bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň baýdagyndaky şöhleleriň şekilini tolkun şekilinden Günüň şöhlelerini ýada salýan göni şekile üýtgetmek göz öňünde tutulýar.
Baýdakdaky Günüň şöhleleriniň eskizini taýýarlamak üçin ýörite awtorlar çekildi we olar matematiki hasaplamalary, çyzgylary we degişli işleri geçirdiler diýlip habarda aýdylýar.
Gyrgyzystanyň milli baýdagynyň häzirki görnüşi 1992-nji ýylyň mart aýynda respublikanyň parlamentiniň deputatlary tarapyndan kabul edildi, şondan bäri onuň dizaýny üýtgemedi. 


01.06.2025 19:45
7.8k+

Türkmenistandan iki şahyr TÜRKSOÝ-nyň halkara bäsleşiginiň laureaty boldular

Türkmenistandan iki şahyr TÜRKSOÝ-nyň ýaş şahyrlaryň arasynda geçirilýän «Ýaşyl älem» atly bäsleşik-festiwalynyň laureaty bolup, Žolan Mamytow adyndaky halkara medal bilen sylaglandylar. 2025-nji ýylyň 28 – 30-nji maý aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde Türki dünýäsiniň döwletleriniň ýaş şahyrlarynyň birinji festiwaly geçirildi...

17.05.2025 11:51
4.7k+

III Bişkek kinofestiwalynda Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň kino görnüşi görkeziler

2025-nji ýylyň 11-15-nji iýuny aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde III Halkara Bişkek kinofestiwaly geçiriler. Bu çärä beýleki ýurtlar bilen birlikde türkmenistanly kinematograflar hem gatnaşar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň filmleri boýunça bäsleşik maksatnamasyna Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň esasynda düşürilen adybir çeper film girizildi...

18.10.2024 11:49
2.1k+

Aşgabatda Magtymgulynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada institutyň...

07.10.2024 11:41
1.7k+

Bişkekde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

Bişkek şäherinde (Gyrgyzystan) «Gündogar poeziýasynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde Magtymgulynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş...