Täze Zelandiýa ýaşlara çilim çekmegi gadagan etmekden ýüz öwrer

  • 29.11.2023 13:46
  • 15k+

The Guardian gazetiniň habar bermegine görä, Täze Zelandiýanyň hökümeti "tutuş bir nesle" çilim çekmegi gadagan etmekden ýüz öwürdi. 2022-nji ýylyň ahyrynda kabul edilen kanunyň taslamasynda 2008-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglanlara çilim satmagy gadagan etmek girizildi. Ol 2024-nji ýylyň iýul aýynda güýje girmelidi.

Kanuna laýyklykda, nikotiniň temmäki önümlerindäki konsentrasiýasy hem azalmaly we temmäki satýan söwda nokatlarynyň sany tutuş ýurt boýunça 6 müňden 600-e çenli azalmalydy. Bu çäreler arkaly Täze Zelandiýanyň hökümeti ýurtda çilim çekýänleriň sanyny 2025-nji ýyla çenli 8% -den 5% -e çenli azaltmagy maksat edinýärdi.
Emma oktýabr aýynda ýurtda nobatdaky ählumumy saýlawlar geçirildi, netijede oppozision Milli partiýa häkimiýet başyna geldi we ýurduň parlamentine giren kiçi partiýalar bilen birleşen hökümetini döretdi. Milli partiýa daşary ýurt maýadarlarynyň ýerli gozgalmaýan emläk pudagyna maýa goýmagy üçin rugsady dikeldip, ýurtda salgytlary azaldyp biljekdigine umyt baglaýardy. Ýöne, hökümet birleşiginiň düzümine girýän populist New Zealand First partiýasy bu başlangyja garşy çykdy. Netijede, hökümet gaznany doldurmagyň beýleki çeşmelerini gözlemeli boldy we temmäki önümlerini satmakdan gelýän salgyt girdejilerinden ýüz öwürmegi maksada laýyk däl hasaplandy.
Täze maliýe ministri Nikola Willis 2009-njy ýylda doglan we ondan kiçi ýaşlylara çilim çekmek gadagançylygynyň we kanunyň beýleki birnäçe düzgünleriniň 2024-nji ýylyň mart aýyna çenli ýatyryljakdygyny aýtdy.


30.11.2025 10:09
9.3k+

Täze Zelandiýada seýrek haýwanlary goramagyň hatyrasyna ýabany pişikleri ýok edýärler

Täze Zelandiýanyň hökümeti ýabany pişikleri 2050-nji ýyla çenli doly ýok etmek maksady bilen, olary ýyrtyjylara garşy göreşmegiň milli strategiýasyna goşmak kararyna geldi. Tebigaty goramak ministri Tama Potaka pişikleriň ýurduň biodürlüligine çynlakaý howp salýandygyny nygtady...

27.11.2025 11:44
5.6k+

Täze Zelandiýada gülgüne reňkli çekirtge tapyldy: bu onuň durmuşyny kynlaşdyrar

Täze Zelandiýanyň Ýabany haýwanat dünýäsini goramak departamentiniň hünärmenleri Sigaus robustus görnüşine degişli gülgüne çekirtgäni tapdylar. Beýle üýtgeşiklik tebigatda örän seýrek duş gelýär. Emma şeýle açyk reňkiň howply tarapy hem bar – ol çekirtgäni ýyrtyjylara mese-mälim edip görkezýär...

12.10.2025 11:14
9.6k+

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy 2253 sözden ybarat ady alyp, rekord goýdy

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy Lourens Uotkins dünýäde iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň doly ady 2253 sözden durýar diýip, Daily Mail ýazýar. Waka 1990-njy ýylyň martynda, Uotkinsiň öz şahsy maglumatlaryny üýtgetmek kararyna gelip, öz adyna iki müňden gowrak ikinji ady goşmagy bilen başlady...

06.09.2025 17:19
11k+

Täze zelandiýaly gyz 24 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden 100 m ylgap, rekord goýdy

Täze Zelandiýadan Gabriel Uoll 24,75 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden aýakýalaň 100 metr aralygy ylgap geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. “Bu tejribe ýatdan çykmajak boldy we men öz mümkinçiliklerimiň çäginden çykyp bilendigime buýsanýaryn” – diýip, Gabriel paýlaşdy...