Apple iPhone-larynda iOS 17-de göreji goramak aýratynlygyny hödürledi

  • 29.11.2023 13:26
  • 6.9k+

Apple iň soňky iOS 17 täzelenmesinde ulanyjylaryň görejini goramagy maksat edinýän iPhone we iPad üçin Screen Distance funksiýasyny hödürledi.

Täze aýratynlyk, esasanam, çagalarda gözüň ýadamazlygynyň öňüni almaga we şowakörlügiň (miýopiýa) döremek howpuny azaltmaga kömek edýär.
Screen Distance aýratynlygy ekranyň we ulanyjynyň gözüniň arasyndaky aralygy ölçemek arkaly işleýär. Şeýle-de bolsa, enjamyň kamerasy şekilleri ýa-da wideolary özünde alyp galmaýar, ýygnan maglumatlary enjamda galýar we Apple-e geçirilmeýär.
Bu aýratynlygy işjeňleşdirmek üçin, iOS 17 bilen işleýän Face ID-li iPhone-da ýa-da iPad-de «Sazlamalary» açyň, Screen Time-y, soňra bolsa Screen Distance-i saýlaň.
Aýratynlyk açylansoň, enjam ulanyjynyň ýüzüne gaty ýakyndygyny anyklasa, ondan daşlaşmagyny haýyş edýän habarnama peýda bolýar.


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...