Geçip barýan ýylyň iň gowy bäş smartfony saýlandy

  • 29.11.2023 08:48
  • 15k+

Mobile-review portalynyň awtory 2023-nji ýylda çykan esasy smartfonlardan iň gowy bäş smartfonyň sanawyny hödürledi.

Sanawda birinji orny ýylyň iň gowy smartfony diýlip atlandyrylýan Samsung Galaxy S23 Ultra eýeledi. Şeýle-de bolsa, bu smartfonyň hem kemçilikleri bar. Şolardan biri, käbir ulanyjylaryň gözleriniň çalt ýadamagyna sebäp bolup biljek ýokary PWM pulsasiýaly ekrandyr. Smartfonyň artykmaçlyklarynyň arasynda öndürijilik we awtonom iş wagty, ýokary derejede gyzmanyň bolmazlygy bellenilýär. Şeýle-de, bu stilusy bolan ýeke-täk smartfondyr.
Ikinji orny flagman dizaýny, Leica-dan kameralary, öndürijiligi we suwdan goragy hödürleýän Xiaomi 13T Pro eýeledi. Gurluşyň ýene bir artykmaçlygy dowamly goldawdyr. Kompaniýa gurluşy Android 17-ä çenli täzelemegi wada berýär.
Liderleriň üçlügini ortaça bahaly Realme 11 Pro+ jemleýär. Smartfon stile laýyk we özboluşly dizaýna hem-de ýokary hilli 200 Mp kamera eýe boldy. Şeýle-de, gurluş AnTuTu bençmarkynda 600 müňe golaý bal gazanýan MediaTek Dimensity 7050 çibi bilen üpjün edildi.
Dördünji we bäşinji orunlarda Infinix Note 30 we Samsung Galaxy Z Flip5 ýerleşdi. Mundan başga-da, Oppo Find N2 we N3 Flip çeýe smartfonlaryna, şeýle-de Samsung-yň alternatiwasy hökmünde seredip boljak Tecno Phantom V Flip smartfonlaryna aýratyn üns berilýär. 


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...