Mark Sukerbergiň gün tertibi: näçede turýar, nähili geýinýär...

  • 28.11.2023 20:01
  • 22k+

Dünýäniň iň baý adamlaryndan biri bolan Mark Sukerberg köp wagtyny işe sarp edýär, ýöne şol bir wagtyň özünde syýahat etmäge, çagalary bilen güýmenmäge we MMA-nyň pälwanlary bilen türgenleşmäge hem wagt tapýar.

Metanyň baş direktory irden sagat 8 töweregi oýanan badyna derrew telefonyndaky Facebook-y, Messenger-i we WhatsApp-y barlaýar. Dünýäde bolup geçýän wakalara baglylykda, bu birnäçe minutdan başlap, has köpräk wagta çenli alyp biler.
Irdenki maglumatlary alandan soň, Sukerberg türgenleşik geçmäge gidýär. Häzir Sukerberg hepdede üç-dört gezek güýç, gujura laýyk we hereketli türgenleşiklerden başga-da, jiu-jitsu bilen meşgullanýar we MMA-da türgenleşýär.
Sukerbergiň ertirlik naharynda nämeler iýýändigi mälim däl, ýöne ýakynda günde 4000 kaloriýa sarp etmäge çalyşýandygyny aýtdy. Surnukdyryjy fitness-režim myşsa belogynyň sintezini, elektrolitleriň üstüni doldurmagy we umumy dikeldişi goldamak üçin ýokary kaloriýaly naharlardan köp iýmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, ol McDonald’s-dan hem naharlanýar.
Sukerbergiň üýtgeşik häsiýetleriniň biri her gün şol bir eşik geýmegidir: onuň «iş eşigi» - jinsi, krossowka we çal futbolka. Onuň sözlerine görä, şeýlelik bilen ol wagtyny we akyl güýjüni «iýýän» ownuk-uşak kararlardan gaça durýar. Sukerberg 2015-nji ýylda CNN telekanalyna hepdede 50-60 sagat wagtyny «Facebook-a» (6,25-den 7.5-e çenli doly 8 sagatlyk iş gününi) sarp edýändigini, ýöne hemişe öz kompaniýasy hakda pikir edýändigini aýtdy.
Sukerbergiň iş tertibiniň yzygiderli syýahatlar sebäpli üýtgeýändigine garamazdan, maşgalasy üçin hemişe wagt tapýar. 2012-nji ýylda ol uzak wagtdan bäri gatnaşyk saklaýan garwardly gyzy, çaga lukmany Prissilla Çana öýlendi we Maksima, Awgusta we Aurelia atly üç gyzy bar. Sukerberg çagalary bilen dürli temalary ara alyp maslahatlaşýandygyny we olary saglyk, dostlar we maşgala ýaly durmuşlarynyň möhüm taraplary hakda pikirlenmäge ugrukdyrýandygyny aýtdy. Çanyň sözlerine görä, adamsy her gije çagalara kitap okap berýär ýa-da ýatmazdan ozal “Teýlor Swiftiň aýdymlarynyň sözlerini öwredýär”.


12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...

02.02.2026 10:53
2.9k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...