Merriam-Webster sözlügi 2023-nji ýylyň sözüni saýlady

  • 28.11.2023 19:49
  • 3.8k+

Merriam-Webster kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän Merriam-Webster’s Collegiate Dictionary amerikan düşündirişli sözlügini düzüjiler emeli aňyň ösmegi bilen baglylykda “authentic” (“hakyky”) sypatyny 2023-nji ýylyň sözi hökmünde saýladylar. Bu barada sözlügiň redaktory Piter Sokolowski Associated Press agentligi bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Sözlükde “authentic” sözi üçin birnäçe düşündiriş berlen: ýalan däl, hakyky, çyn, faktlara esaslanýan, asyl nusga bilen meňzeş. Sokolowski 2023-nji ýylda hakykylyk çökgünliginiň ýüze çykandygyny belledi. “Haçan-da biz haýsydyr bir zadyň hakykylygyna şübhelenip başlanymyzda, biz ony hasam gadyrlap başlaýarys” – diýip, ol aýdýar.
Merriam-Webster-iň pikiriçe “ýylyň sözi” barada resmi bildiriş soňrak yglan ediler.
Sokolowski häzirki wagtda biziň görýän zatlarymyza hemişe ynanyp bilmeýändigimize ünsi çekýär. Bellenilişi ýaly, emeli aňyň ösmegi nämäniň hakyky bilen nämäniň hakyky däldiginiň arasyndaky serheti bulaşdyrdy, şonuň netijesinde meşhur adamlar, brendler we inflýuenserler sosial ulgamlarda özleriniň hakykylygyny subut etmäge çalyşýarlar.
Ýylyň sözüni saýlamaklyk sözlügiň saýtyndaky gözlegleriň seljermesine esaslanýar. Sokolowski “authentic” sözüne bolan gyzyklanmanyň tutuş 2023-nji ýylyň dowamynda ýokary bolandygyny aýtdy.
Şu ýyl Merriam-Webster topary “söýgi” we “täsir” ýaly meşhur dalaşgärleri, şeýle-de Wordle we Quordle oýunlary bilen baglanyşykly sözleri aýyrdy. “Ýylyň sözüne” dalaşgärler “authentic”, X (öň Twitter), EGOT (“Emmi”, “Gremmi”, “Oskar” we “Toni”) hem-de “Elemental” (“Ýönekeý”, Pixar kompaniýasynyň täze multfilminiň ady) boldy. 

düýn 20:25
3.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
4.6k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.8k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......