Türkmen türgenleri Kikboks boýunça dünýä çempionatynda 3 bürünç medal gazandylar

  • 28.11.2023 14:12
  • 18k+

17-nji noýabrdan 26-njy noýabr aralygynda Portugaliýanyň Albufeýra şäherinde kikboks boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşa gatnaşyjylar dürli agram derejelerde dünýä çempiony ady ugrunda göreşdiler. Kikboks boýunça dünýä çempionaty dünýäniň dürli künjeginden iň gowy kikboksçylary bir ýere jemledi. Sportuň bu görnüşi janköýerleriň we tomaşaçylaryň arasynda eýýäm köpden bäri meşhurdyr.

Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy hökmünde çykyş eden Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary 3 bürünç medal gazanmagy başardylar. Şeýlelikde, Hojalyýew Geldimuhammet 75 kg agram derejesinde Lowkick görnüşi boýunça Slowakiýadan, Täze Zelandiýadan we Ukrainadan gelen türgenler bilen üç tutluşyk geçirdi. Ol üçünji orna mynasyp boldy.

Türgen Gurbannazarow Gurbanmuhammet hem 75 kg agram derejesinde çykyş edip, Fullcontact görnüşi boýunça Portugaliýadan, Gresiýadan we Gazagystandan türgenler bilen tutluşdy we 3-nji orna mynasyp boldy.

Bazarow Narzulla 71 kg agram derejede Fullcontact görnüşi boýunça çykyş etdi. Ol Kuweýtden, Özbegistandan we Gazagystandan türgenler bilen tutluşyp, bürünç medala mynasyp boldy.
Bütindünýä kikboks federasiýasynyň (WAKO) prezidenti Roý Beýkeriň gatnaşmagynda geçirilen sylaglama dabarasynda türkmen türgenlerine ýörite kikboks şahadatnamalary gowşuryldy. 


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....