TikTok-y döredijiler oýun bazaryny terk edýär

  • 28.11.2023 11:16
  • 7.8k+

ByteDance öz Nuverse oýun bölümini ýapmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, kommersant.ru habar berýär.

Kompaniýada bu habar tasssyklandy, ýöne proses barada jikme-jik maglumat bermekden boýun gaçyrdylar.

“Biz işimizi yzygiderli seljerýäris we uzak möhletleýin strategiki ösüş ugurlaryna ünsi jemlemek üçin düzedişleri girizýäris. Ýakynda geçirilen seljermeden soň biz oýun işimizi üýtgedip gurmak barada kyn karara geldik” – diýip, kompaniýanyň wekili aýtdy.

Maglumatlara görä, kompaniýa öz çözgüdi barada ýakyn günlerde işgärlerine habar berer, şol bir wagtyň özünde käbir işgärler bu barada eýýäm habarly. Kompaniýa heniz çykarylmadyk ähli oýun önümlerini işläp düzmegi bes etmekçi bolýar. Bazarda eýýäm bar bolan oýunlar bolsa başga bir oýun çykaryjylara geçiriler. Bu çözgüt diňe TikTok-da we onuň Douyin hytaý wersiýasynda işe goýberilen kazual oýunlara degişli bolmaz.
Nuverse 2019-njy ýylda döredildi. 2021-nji ýylda ByteDance işinde üýtgetmeleri geçirdi we Nuverse kompaniýanyň esasy alty bölümçesiniň birine öwrüldi. Şeýle-de bolsa, häzire çenli ByteDance-iň hakykatdanam üstünlikli ýekeje oýny-da peýda bolmady.


şu gün 15:58
779

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......