Italiýanyň milli ýygyndysy soňky 47 ýylda ilkinji gezek Dewisiň Kubogynyň ýeňijisi boldy

  • 28.11.2023 07:16
  • 5.8k+

Italiýanyň milli ýygyndysy tennis boýunça Dewisiň kubogynyň final oýnunda Awstraliýanyň toparyny utdy. Report agentliginiň habar berşi ýaly, ýaryş Ispaniýanyň Malaga şäherinde geçirildi.

Birinji duşuşykda Matteo Arnaldi 7:5, 2:6, 6:4 hasabynda Alekseý Popyrini utdy. Ikinji oýunda Ýannik Sinner 6:3, 6:0 hasaby bilen Aleks de Minaurdan üstün çykdy.
Ýekelikde geçirilen iki oýnuň jemi boýunça deňme-deň netije alnan ýagdaýynda jübütleriň arasyndaky duşuşyk meýilleşdirilipdi. Awstraliýanyň milli topary üçin Mettýu Ebden bilen Maks Pýorsell, Italiýanyň topary üçin bolsa Sinner bilen Simone Bolelli oýnamalydy.
Italiýanyň milli ýygyndysy taryhda ikinji gezek Dewisiň Kubogyny utdy. Öň, italiýalylar 47 ýyl mundan öň – 1976-njy ýylda ýeňiji bolupdylar. Awstraliýa Dewisiň Kubogynda 28 gezek ýeňiş gazandy, ýöne 2003-nji ýyldan bäri kubogy alyp bilenok. Geçen möwsümde awstraliýalylar finala çykyp, Kanadanyň toparyndan utuldylar.


20.06.2026 20:28
15k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....