Samsung we Maison Margiela Galaxy Z Flip 5-iň lýuks nusgasyny çykararlar

  • 27.11.2023 19:24
  • 9.5k+

Günorta Koreýanyň elektronika enjamlaryny öndürijisi «Samsung» fransuz moda öýi «Maison Margiela» bilen bilelikde «Galaxy Z Flip 5» eplenýän smartfonyň aýratyn görnüşini döretdi.

Bu enjamyň üýtgeşik tarapy arka panelinde ýarym dury dizaýnyň ulanylmagydyr. Onuň aşagynda moda brendiniň žakediniň bölegi görünýär. Tutuş korpusy bir stile getirmek üçin enjamyň ekran ýerleşýän ýokarky bölegi üçin ýörite diwar suraty (oboý) işlenip düzüldi.
Enjam iki daşlyk bilen hödürlenýär. Birinjisi – «Flap Leather Case» – hakyky gara deriden taýýarlanan. Ol «Maison Margiela-nyň» «Work-in-Progress» atly şahsy dizaýn stilini şöhlelendirýär. Ikinjisi – «Flipsuit» – boýag damjalary bilen örtülen daşlyk bolup, brendiň döredijilige ymtylýandygyny görkezýär.
Täze önümiň bahasy we näçe mukdarda öndüriljekdigi heniz aýan edilmedi. Şeýle-de bolsa, «Samsung Galaxy Z Flip 5 Maison Margiela Edition-yň»  30-njy noýabrdan başlap käbir bazarlarda, şol sanda Hytaýda, Gonkongda we Günorta Koreýada elýeterli boljakdygy mälimdir.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...