Xiaomi Redmi Watch 4 arzan smart sagadyny işläp taýýarlaýar

  • 27.11.2023 19:14
  • 6.7k+

«Xiaomi» kompaniýasy «Apple Watch-a» meňzeş şekilde döredilen täze «Redmi Watch 4» akylly sagadynyň çykjakdygyny yglan etdi.

«Redmi Watch 4-iň» iň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň korpusynyň alýumin garyndysyndan ýasalmagydyr. Bu «Redminiň» demir korpusly ilkinji akylly sagady bolar. Çarçuwanyň üstini poslamaýan polatdan ýasalan aýlanýan dolandyryş düwmesi ýetirýär
Enjamda 60 Hz täzelenme tizligi bolan 1,97 dýuýmlyk AMOLED ekran ornaşdyrylar. Ekran 600 nit ýagtylyga ýetmäge ukyplydyr, bu bolsa ony açyk howada ulanmak üçin amatly edýär. Şeýle hem ekranda batareýanyň uzak ömrüni üpjün edip, energiýa sarp edilişini azaltmaga kömek edýän LTPS tehnologiýasy ulanylar.
«Redmi» «Watch 4» üçin 200-den gowrak sagat ýüzüniň döredilendigini yglan etdi, bu bolsa ulanyjylara akylly sagadynyň görnüşini şahsy stiline laýyk getirmäge mümkinçilik berýär.  Şeýle hem kompaniýa sagadyň dört görnüşli: metal, deri, mata we silikon kemerler bilen satyljakdygyny tassyklady.
Akylly sagadyň beýleki aýratynlyklary häzirlikçe nämälimligine galsa-da, onuň suwa garşy çydamlylyk we nawigasiýa üçin GPS goldawy bilen üpjün edilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, sagadyň ýürek urgusynyň barlagy we SpO2 gözegçiligi ýaly köp sanly saglyk maksatly aýratynlyklar bilen üpjün ediler.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.5k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...