2023-nji ýylda Edebiýat boýunça Buker baýragynyň eýesi belli boldy

  • 27.11.2023 15:43
  • 4.9k+

Irlandiýaly ýazyjy Pol Linç “Pygamberiň aýdymy” (Prophet Song) romany üçin 2023-nji ýylyň edebiýat boýunça Buker baýragynyň eýesi boldy. Bu barada baýragyň gowşurylyş dabarasyndan TASS-yň habarçysy habar berýär. Dabara London Sitisindäki “Old-billingsgeýt” konsert-dynç alyş toplumynda geçirildi.

Linçiň biografiýasynda bäşinji bolan bu antiutopik roman Irlandiýada zalymlygyň ýüze çykan döwri Dublinde ýaşaýan mikrobiolog Eýliş Stak barada gürrüň berýär. Sýužet boýunça gözlegçi gizlin polisiýa tarapyndan närazylyklara gatnaşandygy üçin onuň adamsy, profsoýuz aktiwisti Larri tussag edilenden soň dört çagany özbaşdak terbiýelemeli bolýar.
Buker baýragynyň emin agzalarynyň başlygy, kanadaly ýazyjy Esi Edujanyň belleýşi ýaly, roman “bir aýalyň awtoritar dolandyryşa tarap barha çalt gaýdýan antiutopik Irlandiýada öz maşgalasyny halas etmek synanyşyklaryna bagyşlanýar. “Bu ençeme wagtlap ýatdan çykmajak haýran galdyryjy roman. Okgunly we rehimsiz, ol lenç edilen nusgalardan gaça durýar. Bu döredijiliginiň iň ýokary derejesine ýeten awtoryň örän batyrgaý we täsirli eseri” – diýip, ol belleýär.
Buker baýragy iňlis edebiýatynyň dünýäsinde iň abraýly baýraklaryň biridir. Ol 1968-nji ýylda döredildi, ýöne 1969-njy ýyldan bäri berilýär. 

düýn 20:25
4.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.9k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......