Xiaomi 29-njy noýabrda Redmi K70 seriýasyny hödürlär

  • 27.11.2023 08:02
  • 6.1k+

29-njy noýabrda Xiaomi Hytaýda flagman Redmi K70 seriýasyny hödürlär. Resmi tanyşdyryşdan birnäçe gün öň, internetde smartfonyň görkezijileri peýda boldy, olary 3 milliondan gowrak abonenti bolan Weibo sosial ulgamyndaky hasabynda Xiaomi-niň başlygy Lu Weýbing paýlaşdy. Ol enjamyň Qingxue atly suratyny ýerleşdirdi. Renderden görnüşi ýaly, gajetiň gapdaly metal çarçuwaly ak korpusy bar.

Şeýle hem It Home neşiri geljekki enjamyň iki reňkli (gara we ak) görnüşdäki suratyny hödürledi. Ak reňkdäkisiniň yzky nagşy “buz kristallarynyň buzluklara öwrüliş prosesini” ýatladýar. Gara görnüşiniň yzky gapagy “syýa ýelegi” teksturasyny aldy.
Täze önümiň tehniki aýratynlyklary barada aşakdakylar mälim:

  • Smartfonyň yzky panelinde uly gönüburçly modul bar, onda üç kamera we LED fleş bar;
  • K70 Pro-da optiki şekili durnuklaşdyrýan 50 megapiksel esasy kamera we 2x optiki ýakynlaşdyrma bilen telefon linzasy bolar;
  • Enjam Snapdragon 8 Gen 3 çipset bilen üpjün ediler;
  • 120W-lyk çalt zarýad beriş ulgamy bar.

22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...