Daşary ýurtly işewürler Londonda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň görkezilişine baha berdiler

  • 26.11.2023 12:39
  • 8.1k+

22-23-nji noýabrda Londonda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirildi we oňa türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklary boýunça köp sanly jogapkär adamlar gatnaşdy. Resmi wekiliýete hökümet wekillerinden başga-da, döwlete degişli däl kompaniýalaryň we guramalaryň ýolbaşçylary hem girdi. Foruma gatnaşýan ikinji tarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda tejribesi bolan hem-de şeýle gatnaşygy ýola goýmagyň ýollaryny gözleýän onlarça Ýewropa kompaniýalarynyň top-menejerlerinden ybarat boldy diýip, Orient habar berýär.

Forumyň iki iş gününiň dowamynda tanyşdyryşlar, tematiki sessiýalar we ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow öz çykyşynda Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilen uly göwrümli maýa goýum taslamalary barada aýdyp, Gyýanlydaky polimer zawodyny ($3,4 mlrd), Ahaldaky gazhimiýa toplumyny ($1,7 mlrd), şeýle-de dokma toplumlaryny, täze elektrik stansiýalary we ş.m. belläp geçdi.
Şeýle-de, sebitleri we önümçilik kuwwatyny ösdürmäge innowasion çemeleşmäniň mysaly hökmünde ikinji tapgyr gurluşygy başlanan Arkadag şäheri bellenildi. Onuň bu tapgyry 10 müňden gowrak iş orny bolan senagat toparyny döretmegi göz öňünde tutýar. Daşary ýurt kompaniýalaryny bu taslama gatnaşmaga çagyrmak bilen, Gurdow maýadarlary gyzyklandyryp biljek beýleki meýilnamalar barada gysgaça gürrüň berdi.
Mergen Gurdow soňky ýyllarda ýurdumyzyň mineral dökünleri çykarmak boýunça önümçilik kuwwatynyň üç esseden gowrak ýokarlanandygyny belledi. Bu taslamalary durmuşa geçirmekde Ýaponiýadan, ABŞ-dan we Ýewropa Bileleşiginden dünýä belli kompaniýalar hyzmatdaş boldular.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni birnäçe täze geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Himiýa pudagynda hususy pudakda hem onlarça maýa goýum taslamasy işlenip düzülýär.
Telewizorlaryň, elektron töleg terminallarynyň, kompýuterleriň, noutbuklaryň, planşetleriň we beýleki elektron gurluşlaryň önümçiligini giňeltmek meýilleşdirilýär.
Şu maksat bilen Mergen Gurdow işewür toparlary we kompaniýalaryň wekillerini Türkmenistanda gurnalýan sergilere we ýarmarkalara gatnaşmaga, şeýle-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen has içgin tanyşmak üçin ýörite iş saparlary bilen ýurda gelmäge çagyrdy.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......