Deputatlar «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasyny biragyzdan goldadylar

  • 25.11.2023 23:54
  • 14k+

Şu gün, 25-nji noýabrda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna garaldy.

Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri çagyryldy.
«Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasyna, şeýle hem «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň Kararynyň taslamasyna garamak gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu babatda Mejlisiň ähli komitetlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi.
Bellenilişi ýaly, Döwlet býujetiniň esasy bölegi býujetden maliýeleşdirilýän dürli edaralaryň, hojalyk hasaplaşykdaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna hem-de bu ugurdaky taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdiriler.
Ähli pudaklary okgunly ösdürmegiň we esasy serişdelere maýa goýumlary gönükdirmegiň, döwrebap bazar gurallaryny ornaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini üpjün etmek we durmuş ugurly döwlet syýasatyny goldamak geljek ýyl üçin esasy maliýe resminamasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.


Maslahatda ýerli býujetleriň geljek ýyl üçin esasy maliýe-hukuk resminamasynyň taslamasynda göz öňüne tutulan görkezijilerine garaldy.
Habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça çäreler göz öňüne tutuldy.
Deputatlar «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar. Bu resminama düýpli hasaplamalara esaslanyp, döwletiň we jemgyýetiň serişde kuwwaty bilen berkidilendir hem-de halkyň bähbitlerine we onuň abadan durmuşyna hyzmat eder.
Şeýle hem «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň Karary biragyzdan kabul edildi.
Soňra deputatlar «Bunker ýangyjyndan hapalanmakdan zeper ýetmeginiň raýat jogapkärçiligi hakynda halkara Konwensiýasyna goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.


şu gün 08:02
2.1k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi sapary: ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gruziýa resmi sapary amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat......

düýn 20:39
1.7k+

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň arasynda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu......

düýn 07:52
1.2k+

Türkmenistan we Belgiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşdy

30-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belgiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) Žýulýen de Fraýponyň arasynda......

30.03.2026 23:19
7.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk ministri we welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde......