Geýts emeli aňyň ösüşini üç günlük iş hepdesine geçmek üçin şert hasaplaýar

  • 25.11.2023 11:34
  • 7.1k+

Geljekde emeli aňyň ösüşi adamzada iş hepdesiniň dowamlylygyny üç güne çenli gysgaltmaga mümkinçilik berer. Şeýle pikiri milliarder Bill Geýts Spotify platformasynda “What Now?” podkasty üçin söhbetdeşlikde aýtdy diýip, rbc.ru habar berýär.

Emeli aňyň ösmegi iş orunlaryna howp salýarmy diýen soraga jogap hökmünde milliarder günlerde bir gün adamlaryň “şeýle köp işlemeli bolmajak wagtynyň” geljekdigini aýtdy. Onuň aýdyşy ýaly, ahyrky netijede şeýle bir dünýä emele geler, ýagny onda ähli iýmitleri we beýleki zatlary maşynlar öndürip biler.

“Eger ahyrky netijede siz hepdede üç gün işlemeli jemgyýete eýe bolsaňyz, bu, ähtimal, gowy bolar” – diýip, Geýts hasaplaýar.

Belläp geçsek, Geýts “Forbes” žurnalynyň dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 117,1 mlrd dollar baýlygy bilen ýedinji orny eýeleýär.


şu gün 11:11
277

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

düýn 12:35
5.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......