Hünärmenler 2023-nji ýylyň iň gowy prosessorlaryny saýladylar

  • 25.11.2023 10:11
  • 6.8k+

Gamers Nexus portalynyň tehnoblogerleri 2023-nji ýylyň jemini jemlediler. Blogerler gözleg geçirip, soňky 12 aýda dürli kategoriýadaky iň gowy prosessorlary saýladylar diýip, championat.com habar berýär. 

Şeýlelikde, 2023-nji ýylda iň gowy prosessor AMD Ryzen R7 7800X3D boldy – ol rekord oýun öndürijiligini üpjün edýär we gündelik işlerde-de özüni örän gowy görkezýär. Çibiň bahasy riteýlere baglylykda, takmynan, 370 – 400 dollara barabardyr.
Bahanyň we öndürijiligiň artmagynyň gatnaşygy nukdaýnazaryndan apgreýd üçin iň gowy wariant AMD Ryzen R7 5800X3D boldy. Oýunlarda iň gowy öndürijilik barada aýdylanda, hünärmenler bu kategoriýada hem AMD Ryzen R7 7800X3D çibini aýratynlandyrdylar. Ol synaglaryň ençemesinde özüni beýleki modellerden has gowy görkezýär.
Şu ýyl tehnoblogerler ilkinji gezek täze kategoriýany – ýylyň lapykeçligini hödürlediler. Dogrusy, oňa bir prosessor däl-de, 14-nji nesil Intel çipleriniň tutuş hatary girdi.

Gamers Nexus boýunça, 2023-nji ýylyň iň gowy prosessorlary:

  • Ýylyň prosessory – AMD Ryzen R7 7800X3D
  • Oýunlar üçin iň gowy prosessor – AMD R7 7800X3D
  • Iň gowy arzan prosessor – AMD R7 5700 X ýa-da AMD R5 7600
  • Iň amatly apgreýd – AMD R7 5800X3D;
  • Energiýa taýdan netijeli prosessor – AMD Threadripper 7980X
  • Ýylyň lapykeçligi – 14-nji nesil Intel prosessorlarynyň tutuş hatary.
düýn 20:25
3.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
4.6k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.8k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......