Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçiriler

  • 25.11.2023 06:36
  • 4.9k+

29-njy noýabrda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer R.Meredow mejlise taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýedir. Özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek, geljegi uly ugurlar boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, degişli ikitaraplaýyn Ylalaşyk esasynda agzalan komitet döredildi. Häzirki wagta çenli bu komitetiň bäş mejlisi geçirildi. Onuň düzüminde 6 sany kiçi komitet hereket edýär. Komitetiň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine nebitgaz ulgamy, ulag-logistika, oba hojalygy, himiýa hem-de dokma senagaty, ylym, bilim, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri giriziler. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......