Apple öýjükli aragatnaşyk goldawy bolan kompýuter öndürer

  • 24.11.2023 16:24
  • 6.2k+

«Apple» kompaniýasy kompýuterlerinde öýjükli aragatnaşyk goldawy bolan modem ornaşdyrar.

Bellenilmegine görä, «Apple» 2018-nji ýyldan bäri öz modeminiň üstünde işleýär. Kompaniýanyň smartfonlary, planşetleri, akylly sagatlary we kompýuterleri modemler bilen enjamlaşdyrmak isleýändigi aýdylýar. Modem enjamyň prosessoryna ornaşdyrylar.
Öýjükli modemiň bolmagy «Apple» kompýuterlerine Wi-Fi bolmazdan internete birikmäge mümkinçilik berer. Çaklamalara görä, bu enjamy işläp düzmek üçin kompaniýa iki ýa-da üç ýyl gerek bolar. Bu modem noutbuklardan başga-da, planşetlerde we akylly sagatlarda peýda bolar.
«Apple-iň» ozal kompýuterlere öýjükli aragatnaşyk goldawyny girizmegi göz öňünde tutandygyny mälimdir. Kompaniýa «MacBook Air» kompýuterini modem bilen enjamlaşdyrjakdy, emma «Apple-iň» öňki baş direktory Stiw Jobs bu pikirden ýüz öwürdi. Çünki aýratyn modem örän köp ýer tutýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...