Habib UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde bäşinji orny eýeledi

  • 23.11.2023 10:09
  • 27k+

MMA Junkie saýty Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli promouşeniň taryhyndaky iň gowy 30 söweşijiniň reýtingini hödürledi. Bu sanawda ýeňil agramda guramanyň çempiony titulyna eýe bolan Habib Nurmagomedow bäşinji orunda ýerleşdi diýip, gazeta.ru habar berýär.

“Habib – karýerasyny ýeňilmedik çempion hökmünde tamamlan ýeke-täk söweşiji. MMA-da sportdan gitmek barada sözünde durýan seýrek. Ýöne haçan-da Habib tamamlandygyny aýdanda, bu çyn ýürekden eşidilipdi. Ol dünýäde iň gowy tälimçileriň biri boldy. Ýöne onuň özi oktagona çykanda, islendik garşydaşdan üstün gelýärdi” – diýlip, makalada görkezilýär.

Habibden öňde Anderson Silwa, Demetrius Jonson, Jon Jons we Žorž Sen-Pýer bar.
Habib Nurmagomedow garyşyk başa-baş söweşde (MMA) 29 söweş geçirip, olaryň ählisinde ýeňiş gazandy. 2023-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Nurmagomedow söweş bilen bagly ähli zady taşlandygyny aýtdy.


22.05.2026 07:07
5.9k+

Kolbi Kowington karýerasyny tamamlady: UFC ony resmi sanawdan aýyrdy

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) ýarym orta agram derejede çykyş edýän amerikan söweşijisi Kolbi Kowington UFC-niň resmi sanawyndan çykaryldy we promouşeniň resmi saýtynda karýerasyny tamamlan hökmünde......

19.05.2026 23:41
9.8k+

Konor resmi taýdan UFC-ä dolanýar: Makgregor UFC 329-da Maks Holloweýa garşy oktagona çykar

UFC promouşeniniň ýolbaşçysy Dana Waýt Konor Makgregoryň oktagona dolanýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Irlandiýaly söweşiji 11-nji iýulda "T-Mobile Arena" meýdançasynda geçiriljek UFC 329 ýaryşynda......

17.05.2026 23:54
12k+

17 sekuntda derbi-dagyn we nokautlar: Rouzi, Ngannu we Perri MVP ýaryşynda garşydaşlaryny ýeňdiler

17-nji maýda garyşyk söweş sungaty boýunça MVP (Most Valuable Promotions) ligasynyň ilkinji ýaryşy geçirildi....

10.05.2026 11:39
13k+

Striklend ýeňilmezek Çimaýewi ilkinji ýeňlişine sezewar edip, UFC guşagyny yzyna aldy

Şon Striklend Nýuark şäherinde geçirilen UFC 328 ýaryşynyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýewi ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony diýen ady aldy. Bäş raund dowam eden tutluşyk eminleriň dürli çözgüdi bilen......