OpenAl-yň işden çykarylan baş müdiri bäş gün soňra öňki ornuna gaýdyp geler

  • 23.11.2023 10:07
  • 5.8k+

17-nji noýabrda işden çykarylan OpenAl kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sem Altman öz wezipesine gaýdyp geler. Bu barada kompaniýa X sosial ulgamyndaky sahypasynda resmi taýdan yglan etdi diýip, gazeta.ru habar berýär.

“Biz Sem Altmanyň Bret Teýlordan (başlyk), Larri Sammersden we Adam D’Anjelodan ybarat müdirler geňeşiniň täze başlangyç düzümi bilen OpenAl-a baş müdir hökmünde dolanyp geljekdigi barada ylalaşyk gazandyk” – diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

OpenAl ýolbaşçynyň wezipesini dikeltmek baradaky jikme-jiklikler bilen paýlaşmaga wada berdi. Altmanyň özi sahypasynda kompaniýa bolan söýgüsini bildirdi.

“Täze müdirler geňeşi we Satýanyň (Satýa Nadella, Microsoft-yň baş müdiri) goldawy bilen men OpenAl-a gaýdyp barmaga we MSFT (Microsoft) bilen berk hyzmatdaşlygymyzy ýola goýmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” – diýip, Altman ýazdy.

Belli bolşy ýaly, kompaniýany Altman bilen bilelikde terk eden OpenAl-yň egindeş esaslandyryjysy Greg Brokman hem öňki wezipesine gaýdyp geler.
Öňki baş müdiriň wezipesiniň haçan dikeldiljekdigi heniz habar berilmeýär.


düýn 11:11
1k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
5.7k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......