Red Magic 9 Pro çykmazyndan öň dünýäde iň kuwwatly smartfon boldy

  • 22.11.2023 13:23
  • 13k+

AnTuTu bençmarky öz saýtynda çykmaga taýýarlanýan Red Magic 9 Pro geýmer smartfonynyň synagynyň netijelerini ýerleşdirdi. Bu smartfon öndürijiligi boýunça rekord goýdy diýip, gazeta.ru belleýär.

Şeýlelikde, Snapdragon 8 Gen 3 çibi, 24 GB operatiw ýat we 1 TB içerki saklaýjy bilen enjamlaşdyrylan Red Magic 9 Pro 2,29 mln bal gazanmak bilen, bençmarkyň rekordyny täzeledi. Ulgam täze prosessory 516 müň bal, grafiki prosessory 904 müň bal, ýadyň we interfeýsiň işini, degişlilikde, 457 we 412 müň bal bilen bahalandyrdy.
Görnüşi ýaly, öndüriji flagman çibi, ýadyň ýokary göwrümi we işlenen sowadyş ulgamy arkaly şeýle ýokary netijeleri gazanyp bildi.
Şeýle-de, Red Magic Pro 9 oýun smartfonynyň ekranasty frontal kamera, işjeň sowadyş ulgamy, gyralardaky sensor triggerler we tekiz yzky panel bilen üpjün ediljekdigi bellidir.
Täze smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy 23-nji noýabrda Hytaýda bolar. Red Magic 9 smartfon seriýasynyň Hytaýdan daşary peýda boljakdygy barada habar berilmeýär.

düýn 20:25
3.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
4.6k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.8k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......