“Krid” franşizasynyň dördünji bölümi surata düşüriler

  • 22.11.2023 08:17
  • 6.8k+

Prodýuser Irwin Uinkler “Deadline” neşiri bilen söhbetdeşlikde ýakyn wagtda “Krid 4-üň” önümçiligine başlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Muny film.ru ýetirýär.

“Biziň, hakykatdanam, gowy wakamyz we sýužetimiz bar. Biz iş taşlaýyşlar sebäpli birneme gijikdik, ýöne çen bilen bir ýyldan deslapky önümçilige girişeris” – diýip, Uinkler belledi.

Onuň aýtmagyna görä, režissýorlyk işine we baş keşbe Maýkl B.Jordan gaýdyp geler. “Krid” baş keşbi Silwestr Stalloneniň ýerine ýetirmegindäki “Rokki” filminiň spin-offudyr. Franşizanyň sýužeti Rokkiniň şägirdi bolan ýaş boksçy Adonis Krid barada gürrüň berýär. Onuň birinji bölümi 2015-nji ýylda ekrana çykdy, dowamlary 2018-nji we 2023-nji ýyllarda çykaryldy.
“Kridiň” üç bölümi dünýä prokatynda jemi 661 mln dollar gazandy. Filmde Stallone, Tesa Tompson we Jonatan Meýjers hem surata düşdi.

düýn 20:25
3.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
4.6k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.8k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......