Napoleonyň başgaby rekord bahadan satyldy

  • 21.11.2023 12:46
  • 22k+

Fransiýanyň ilkinji imperatory Napoleon I Bonapartyň (1769–1821) iki burçly başgaby (bikorn) Fransiýanyň Fontenblo şäherinde geçirilen auksionda 2 million ýewro golaý bahadan satyldy diýip, auksiony guran «Osenat» auksion öýi habar berýär.

«Uzak wagt dowam eden söwdadan soň imperator Napoleonyň başgaby 1,932,000 ýewro bahadan öz alyjysyny tapdy» diýip, guramaçylar gürrüň berdiler .

Gürrüň, takmynan, 1810-njy ýyla degişli hasaplanýan üç reňkli kokarda bilen bezelen gara reňkli fetr başgap barada barýar. Napoleonyň 1815-nji ýylda «Inconstant» atly brig gämisinde Elba adasyndaky sürgünden gaçyp barýan wagtynda şu iki burçly başgaby geýendigi çaklanylýar.
Auksion öýi Napoleon Bonapart bilen baglanyşykly satylan lotlaryň arasynda munuň rekord bahadygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde, söwdadan öň bikornyň çak edilýän bahasy 600 müňden 800 müň ýewro aralygynda üýtgeýärdi.
Ondan öň Napoleona degişli iň gymmat zadyň 2014-nji ýylda şol auksion öýünde geçirilen söwdada 1.8 million ýewro satyn alnan başga bir başgaby hasaplanýardy.

düýn 20:25
3.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
4.6k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.8k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......