5,7 dýuým ekranly mini personal kompýuter tanyşdyryldy

  • 21.11.2023 12:40
  • 8.2k+

«Meenhong» kompaniýasy sensorly displeý bilen üpjün edilen «JX2» ykjam mini personal kompýuterini satuwa çykardy.

Ykjam mini personal kompýuter «Full HD» durulygy bolan 5,7 dýuýmlyk ekran bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol sensor dolandyryşy we multitaç ulgamyny goldaýar.
Enjam 2,9 GGs ýygylygy bolan we «Intel UHD GPU» ornaşdyrylan dört ýadroly «Intel Celeron N5105» prosessory bilen işleýär. Mundan başga-da, «Meenhong JX2-de» 8 GB LPDDR4 operatiw ýat we SSD üçin iki sany M.2 2280 bölümi göz öňünde tutulypdyr: olaryň biri «NVMe» we «SATA-ny», beýlekisi diňe «SATA-ny» goldaýar.
160,6 x 81,9 x 21,5 mm ykjam ölçeglerine we agramynyň bary-ýogy 300 gr bolmagyna garamazdan, mini kompýuterde goşmaça enjamlary birikdirmek üçin dürli portlar bar: HDMI 2.0, Gigabit Ethernet, 3,5 mm audio birikdirijisi, üç sany USB-A we iki sany USB-C. Şeýle hem kompýuter Wi-Fi 6 we Bluetooth 5.2 simsiz tehnologiýalaryny goldaýar.
Enjamyň işlemegi üçin ony tok çeşmesine birikdirmegiň zerurlygy ýok – munuň üçin azyndan 12 Wt kuwwaty bolan daşarky akkumulýator ýeterlikdir. Enjam «Ubuntu» ýa-da «Windows 11 Pro» operasion ulgamlarynda işleýär.
«Meenhong JX2» mini personal kompýuter iki görnüşde hödürlenýär. 8 GB RAM we 128 GB SSD bolan nusganyň bahasy 195 dollar, 256 GB ýady bolan nusganyň bahasy bolsa 210 dollar.

düýn 20:25
4.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.9k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......