Apple OLED ekrany bolan 9 sany täze enjamyny hödürlär

  • 21.11.2023 12:29
  • 4.5k+

«Apple» kompaniýasy öňümizdäki alty ýylyň dowamynda ähli enjamlaryny diýen ýaly OLED ekranlaryna geçirmegi meýilleşdirýär.

Bar bolan maglumatlara görä, 2027-nji ýyla çenli «Apple» kompaniýasynyň önümleriniň hatarynda «iPad mini», «Air» we «Pro», «MacBook Pro» we «Air» enjamlarynyň OLED görnüşleri peýda bolar. Häzirki wagtda OLED displeýleri diňe «iPhone» flagmanlarynda we «Apple Watch» akylly sagadynda gurnalýar.
OLED displeýleri bilen üpjün ediljek enjamlar «iPad Pro-nyň» 11 we 12,9 dýuýmlyk iki görnüşi bolar. Olaryň 2024-nji ýylda tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Planşetler «ProMotion» tehnologiýasynyň 120 Hz çenli adaptiw şekil täzeleniş tizligi bilen işlemegini üpjün etjek LTPO panellerine eýe bolarlar.
2026-njy ýylda «Apple» LTPS matrisalary bilen enjamlaşdyryljak «iPad mini» we «iPad Air» planşetleriniň OLED nusgalaryny hödürlär. «IPad Air-iň» ekranynyň diagonaly 10,9 dýuýmlygynda galar, «iPad mini-ňki» bolsa 8,3-den 8,7 dýuýma çenli ulalar.
«Apple-iň» 2027-nji ýylda «iPad Pro» enjamyny «COE» (Colorfilter On Encapsulation) tehnologiýasy goldawy bolan OLED ekran bilen üpjün etjekdigi bellenilýär. Bu bolsa ekranyň sarp edýän energiýasyny 20% azaldar. Mundan başga-da, bu tehnologiýa «Apple» kompaniýasyna öz planşetinde ekranasty kamerany ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.
2025-nji ýylda «Apple» OLED ekrany bolan 16 dýuýmlyk «MacBook Pro» noutbugyny çykarar, 2027-nji ýylda bolsa 14 dýuým ekranly noutbuk hödürlener. 2026-njy ýylda «MacBook Air-iň» 13 we 15 dýuýmlyk OLED görnüşleri peýda bolar. OLED matrisalar noutbuklaryň has ýeňil, inçe we has energiýa tygşytlaýjy, ekranyň bolsa has ýagty we reňkli bolmaklaryny üpjün edýär.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...