Hawýer Mileý Argentinada geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

  • 21.11.2023 11:41
  • 9.8k+

Ultrasagçy syýasatçy, "Azatlyk gelýär" partiýasynyň wekili Hawýer Mileý Argentinada geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiji boldy.

Ýurduň Milli Saýlaw Palatasynyň berýän maglumatlaryna görä, sesleriň 94%-den gowragy sanalandan soň, Mileýi saýlawçylaryň 55%-den gowragy (13,78 milliondan gowrak) goldaýandygy mälim boldy. Bu bäsdeşi, ýurduň başynda duran “Watanyň hatyrasyna bileleşik” merkezi çepçi birleşmä wekilçilik edýän, Argentinanyň Ykdysadyýet ministri Serhio Massanyň alan sesinden 11% köpdür.
Serhio Massa, heniz resmi netijeler yglan edilmänkä, Mileýiň ýeňşini ykrar etdi.

“Şu gün Argentinanyň dikeldiş döwri başlaýar. Bu taryhy gije "- diýip, netijeler yglan edilenden soň, Hawýer Mileý nygtady.

Täze prezident 10-njy dekabrda işe başlar we 2027-nji ýylyň ahyryna çenli wezipesinide galar.


08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

25.04.2026 12:10
1.9k+

Türkmenistanda Argentinanyň täze ilçisi işe başlady

24-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Argentinanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Enrike Ignasio Ferrer Wieýradan ynanç hatyny kabul etdi....

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......