Agronomlar Aýyň topragyny ekin ekmek üçin ýaramly etmegiň usulyny tapdylar

  • 20.11.2023 15:11
  • 9.5k+

Hytaýyň Oba hojalyk uniwersitetiniň agronomlary we biotehnikleri emeli Aý regolitinde ösümlikler üçin zerur bolan fosfatyň mukdaryny köpeldip boljakdygyny ýüze çykardylar. Munuň üçin oňa birnäçe bakteriýa goşmak ýeterlikdir. Olar wulkan materialynyň nusgalaryna üç görnüşli bakteriýa goşup, topragyň ösümlikleri ösdürmek üçin amatlydygyny ýa-da däldigini barladylar.

Ýygnalan nusgalar üç synag gabyna ýerleşdirildi we hersine bir bakteriýa goşuldy:

  • Pseudomonas fluorescens;
  • Bacillus megaterium (kelem taýajygy);
  • Bacillus mucilaginosus (silikat bakteriýasy).

Alymlar bakteriýalary ösdürip ýetişdirenlerinden soň, nämäniň üýtgändigini anyklamak üçin toprak nusgalaryny barladylar. Topragyň pH derejesiniň peselendigi ýüze çykaryldy, bu bolsa dargamaýan fosfat saklaýan minerallary dargadyp, fosfory bölüp çykardy we ony ösümlikler üçin elýeterli etdi.
Agronomlar bu topraga ösümlik ekdiler we onuň kök urup, baldaklarynyň hem-de ýapraklarynyň ösýändigini ýüze çykardylar.


düýn 11:18
785

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

düýn 10:34
1.5k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....