«Wednesday» serialynyň ikinji möwsümi 2024-nji ýylyň aprelinde surata düşürilip başlanar

  • 20.11.2023 15:06
  • 5.3k+

Režissýor Tim Býortonyň «Wednesday» serialynyň ikinji möwsümi 2024-nji ýylyň aprel aýynyň ahyrynda surata düşürilip başlanar.

Birinji möwsümiň işleri 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2022-nji ýylyň mart aýyna çenli Rumyniýada alnyp baryldy. Şol döwürde ikinji möwsümiň surata düşüriliş işleriniň Irlandiýada boljakdygy habar berlipdi. Çünki surata düşüriş topary ilkinji möwsümiň üstünde işleýän wagtynda «logistika bilen bagly kynçylyklary» ýeňip geçmeli boldular.
Ssenaristler Alfred Gof bilen Maýls Millaryň bellemeklerine görä, täze möwsümde Addamslaryň maşgala aazalary has köp görkeziler, şeýle hem Wensdeýiň ejesi bilen gatnaşyklary has giňişleýin açylar.
Baş keşbi janlandyrýan aktrisa Jenna Ortega täze möwsümde ýerine ýetiriji prodýuseriň wezipesini hem eýeledi. Ol täze bölümlerde ýetginjekleriň romantikasyna däl-de, gorkunç wakalara has köp üns beriljekdigini aýtdy. Şeýle hem filmi döredijileriň baş gahrymanyň söýgi wakalaryny dowam etdirmezlik kararyna gelendigini aýtdy.
Aktýorlar düzümi heniz belli däl, ýöne studiýa esasy keşbi janlandyrýanlaryň hemmesiniň şertnamalaryny täzeledi. Häzirki wagtda ssenariniň üstünde işlenilýär.

 

düýn 20:25
3.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
4.6k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.8k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......