Boeing 787 Antarktida gondy

  • 20.11.2023 15:01
  • 31k+

15-nji noýabrda Boeing 787 Dreamliner howa gämisi Antarktida gondy diýip, USA Today we CNN habarlar gullugy habar berdi.

 

Norwegiýanyň Norse Atlantic Airways-i tarapyndan dolandyrylýan howa gämisi 13-nji noýabrda Oslodan uçup, Keýptaunda wagtlaýyn gondy. Soňra uçar Antarktida tarap ugur aldy we şol ýere gondy.
Dreamliner “buzdan we gardan ýasalan” uçuş-gonuş zolagyna gondy diýip, CNN belleýär.
Uçarda Norwegiýanyň polýar institutynyň alymlary bilen birlikde jemi 45 ýolagçy bardy. Mundan başga-da, uçar Antarktidany öwrenmek üçin zerur bolan 12 tonna barabar gözleg enjamlaryny hem äkitdi.
Norwegiýanyň Polýar institutynyň müdiri Kamilla Brekke: "Şeýle uly uçaryň gonmagy Troll-da (Norwegiýanyň Antarktika stansiýasy - RBC) logistika üçin düýbünden täze mümkinçilikleri açýar" - diýdi.
Mundan başga-da, onuň sözlerine görä, has uly uçaryň ulanylmagy "umumy zyňyndylary azaltmaga" we "Antarktidadaky daşky gurşawa täsirini azaldyp biler".
Boeing 787 Dreamliner-e 330 ýolagçy ýerleşip biler.


12.04.2026 11:55
12k+

Antarktidada dünýä kartalaryna girizilmedik näbelli ada tapyldy

Polarstern buz döwüji gämisinde halkara ekspedisiýa topary Weddell deňzinde ozal nawigasiýa kartalarynda görkezilmedik adany tapdy. Bu açyş Larsen buz şelfi öwrenilýärkä, gämi Juanwil adasynyň golaýyndaky......

09.04.2026 20:31
5.4k+

Boeing dikuçarynyň turbina hereketlendirijisi oturdylan Chevrolet Camaro auksionda satylýar

«Bring a Trailer» onlaýn-auksionynda Turbinaro diýlip atlandyrylýan üýtgeşik awtoulag satuwa çykaryldy. Bu aslynda 2010-njy ýylyň Chevrolet Camaro modeli bolup, oňa Boeing T50 kysymly dikuçar......

06.02.2026 14:24
10k+

Antarktida aşpezlere we agaç ussalaryna garaşýar: ýylda 40 müň dollardan gowrak tölemek wada berilýär

Britaniýanyň Antarktika gullugy (BAS) 2026-njy ýyl üçin yklymyň gözleg stansiýalaryna işgärleri kabul edýändigini yglan etdi. Zähmet haky ýylda 30 244 funt sterlingden (takmynan, 41 müň dollar) başlaýar we şol bir wagtyň özünde hojalyk çykdajylary doly diýen ýaly ýokdur diýip, IFLScience neşiri ýazýar...

06.12.2025 10:04
10k+

A23a aýsbergi dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi

A23a aýsberginiň meýdany soňky üç aýda 22%, 1370 inedördül kilometre çenli azaldy. Netijede, ol dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berdi. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, indi täze iň uly aýsberg diýlip meýdany 3071 inedördül kilometr bolan D15A hasaplanýar...