Werstappen Las-Wegasyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy, Lekler – ikinji, Peres – üçünji

  • 20.11.2023 14:29
  • 3.3k+

Las-Wegasyň şäher ýolunda 2023-möwsüminiň “Formula-1” çempionatynyň ýene bir tapgyry – Las-Wegasyň Gran-prisi tamamlandy. Onuň ýeňijisi “Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappen boldy. Ikinji bolup pellehana “Ferrariden” Şarl Lekler geldi. Üçünji orny “Red Bulldan” Serhio Peres eýeledi.

Jorj Rassel ýaryşy dördünji bolup tamamlady, ýöne özünden öňe geçen Werstappen bilen çaknyşma sebäpli bäş sekuntlyk jerimäniň netijesinde jemleýji protokolda dört orun ýitirdi.

Las-Wegasyň Gran-prisinde ilkinji on orun şeýle görnüşde:

  1. Maks Werstappen “Red Bull” – 50 aýlaw;
  2. Şarl Lekler (“Ferrari”) +2,070;
  3. Serhio Peres (“Red Bull”) +2,241;
  4. Esteban Okon (“Alpin”) +18,665;
  5. Lens Stroll (“Aston Martin”) +20,067;
  6. Karlos Saýns (“Ferrari”) +20,834;
  7. Lýuis Hemilton (“Mersedes”) +21,775;
  8. Jorj Rassel (“Mersedes”) +23,091;
  9. Fernando Alonso (“Aston Martin”) +25,964;
  10. Oskar Piastri (“Maklaren”) +29,496.

düýn 21:49
1.6k+

Amerikaly suwda ýüzüji Wolş 9 gün öň goýlan dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Gretçen Wolş Rimde geçirilen ýaryşlarda 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 13:08
755

Jorj Rassell «Formula-1» ýaryşynda möwsümdäki ikinji ýeňşini gazandy

«Mercedes» toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassell «Formula-1-iň» Awstriýanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

28.06.2026 23:41
6.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....