Apple iPhone 16-da grafen sowadyş ulgamynyň üstünde işleýär

  • 20.11.2023 08:05
  • 13k+

Amerikanyň Apple elektronika öndürijisi iPhone 16 -da grafen sowadyş ulgamyny ulanmagy we aşa gyzmak meselesini çözmegi meýilleşdirýär. Bu barada X sosial ulgamynda Kosutami lakamly insaýder habar berdi, onuň maglumatlaryna, köplenç, ýöriteleşdirilen Günbatar habar beriş serişdeleri salgylanýar.

Kosutami gysga habar çap etdi, onda Apple-iň täze iPhone 16-ny işläp düzeninde grafen sowadyş ulgamynyň üstünde işleýändigi mälim edilýär. Çeşmäniň belleýşi ýaly, Pro seriýaly smartfonyň batareýasynyň korpusy demir bilen çalşyrylar.
Bu habar çap edilenden soň, MacRumors neşiri "bu ädim Apple-iň şu ýylyň başynda programma üpjünçiligi täzelenmesi bilen çözen, iPhone 15 Pro-da giňden gabat gelýän gyzmak meselesine jogap bolmaly" diýip çaklady.
Grafen häzirki wagtda iPhone-da ulanylýan misden öňe geçýän ýokary ýylylyk geçirijiligine eýedir. Apple smartfon öndürijisi temperatura režimini kadalaşdyrmak üçin grafen bilen gyzyklanýar, ykjam enjamlary gyzanda sowatmak üçin materialyň ulanylyşyna degişli gözlegler bilen baglanyşykly patentleri berýär.


düýn 09:49
704

Meýilnamalar üýtgedi: Apple Siri-ni ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bot etmek isleýär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisini ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bota öwürmegi meýilleşdirýär. Kupertinoly kompaniýa onuň täzelenen wersiýasyny 2026-njy ýylyň iýunynda geçiriljek WWDC konferensiýasynda iOS 27 bilen bilelikde hödürlär diýip, Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berýär...

18.01.2026 15:41
9k+

Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi

BGR portalynyň bilermenleri artykmaçlyklary bilen däl-de, howpludygy, tehniki ýalňyşlyklar ýa-da şowsuz konsepsiýalar sebäpli uzak wagtlap ýatda galan smartfonlaryň sanawyny düzdi. Iň ýaramaz smartfonlaryň sanawyna 13 model girdi...

17.01.2026 13:23
4.1k+

Apple-iň 50 ýyllygy mynasybetli iPhone üçin ilkinji Macintosh-yň stilinde daşlyk çykaryldy

Spigen kompaniýasy iPhone üçin 1984-nji ýylda çykarylan Apple-iň ilkinji şahsy kompýuteri Macintosh 128K-nyň dizaýnyny gaýtalaýan üýtgeşik daşlygy hödürledi. Aksessuar kompaniýanyň 50 ýyllygy mynasybetli döredildi we markanyň muşdaklary üçin köp sanly tanyş elementleri saklaýar: yzky panel 3,5 dýuýmlyk disket üçin slota meňzeýär, gapdal düwmeler bolsa gadymy mehaniki klawiaturalary ýatladýar...

14.01.2026 09:37
1.2k+

«Köpüň biri» serialy tomaşa boýunça Apple TV-niň rekordyny goýdy

«Köpüň biri» (Pluribus) fantastik serialy Apple TV striming hyzmatynyň taryhynda iň köp tomaşa edilen serial boldy. Bu barada platformanyň ýolbaşçylygyna salgylanyp, Deadline habar berýär. Serial Wins Gilligan («Garadangaýtmaz», «Gowusy, Sola jaň ediň») tarapyndan döredildi...