«Älem gözeli — 2023» bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

  • 19.11.2023 22:24
  • 35k+

«Älem gözeli-2023» adyna Nikaraguanyň wekili Şeýnis Alondra Palasios Korneho mynasyp boldy diýip, bäsleşigiň Metbugat gullugy X (Twitter) sahypasynda habar berdi.

Ilkinji üçlüge, Palasiosdan başga, Awstraliýanyň wekili Moraýýa Uilson we Tailanddan Anntoniýa Porsild girdi.
23 ýaşly Şeýnis Palasios «Älem gözeli» adyna eýe bolan ilkinji nikaragualy boldy. Model ilkinji gezek 2016-njy ýylda «Miss ýetginjek Nikaragua» bäsleşigine çykdy, soňra ol Teen Universe bäsleşiginde öz ýurduna wekilçilik etdi we ilkinji onluga girdi. Palasios «Dünýä gözeli Nikaragua 2020» we «Dünýä gözeli 2021» bäsleşiklerine gatnaşdy we top-40-lyga girdi.
2023-nji ýylyň 5-nji awgustynda Palasios «Miss Nikaragua 2023» bäsleşiginde ýeňiji boldy we «Älem gözeli» bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy.


11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....