Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministrini kabul etdi

  • 17.11.2023 21:33
  • 8k+

17-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşy kabul etdi.

Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen serginiň we işewürler maslahatynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu çäreleriň iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, EYR-niň wekiliýetiniň saparynyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda döwlet Baştutanymyz we EYR-niň ýol we şäher gurluşyk ministri söwda-ykdysady gatnaşyklaryň döwletara gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär.
Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa,  gurluşyk ulgamlary, oba hojalygy özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşýändigi bellenildi.


06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.6k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......