«Made in Turkmenistan» internet portaly türkmen öndürijileriniň eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

  • 17.11.2023 19:26
  • 13k+

“Made in Turkmenistan” iş portaly ýurdumyzyň dürli görnüşli ýokary hilli sarp ediş harytlarynyň öňdebaryjy öndürijilerini birleşdirýän täze onlaýn platforma boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

madeinturkmenistan.co.tm saýtynda ýurdumyzda öndürilýän we satylýan harytlar hem hyzmatlar barada esasy we üsti ýetirilýän maglumatlary, şol sanda olaryň halkara ülňülerine we kadalaryna laýyklygy baradaky maglumatlary saklaýan ykjam sanly katalog hödürlenýär.
Platformanyň maksady kärhanalar bilen sarp edijileriň arasynda gatnaşygy ýola goýmak, şeýle-de türkmen öndürijileriniň daşary ýurt bazarlaryna çykmagydyr. Bu web-saýt iňlis, rus hem türkmen dillerinde hyzmat edýär.
“Made in Turkmenistan” Türkmenistanda iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýän we täjirçilik gatnaşyklaryny ýola goýmagy maksat edinýän telekeçiler, eksportçylar, öndürijiler, daşary ýurt kompaniýalary üçin ýeke-täk çeşmedir. Bu platformada içerki we daşarky bazarlar üçin önüm öndürýän hem-de GS1 Turkmenistan-yň agzasy bolan türkmen öndürijileri maglumat ýerleşdirip bilerler.
“GS1 Turkmenistan” ştrih-kodlary boýunça Türkmenistanyň Milli guramasy tarapyndan işlenip düzülen täze internet çeşmesiniň tanyşdyrylyşy we işe girizilişi “TurkmenTel – 2023” halkara forumynyň çäklerinde boldy.  


şu gün 23:15
458

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

düýn 20:14
1.4k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
2.1k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....