Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumy gurlar

  • 16.11.2023 22:47
  • 10k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik toplumlary bilen bir hatarda, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumy gurlar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 16-njy noýabrda täze şähere amala aşyran iş saparynyň barşynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň Baş meýilnamasynyň we uniwersitete degişli ylmy-önümçilik tejribe meýdanlarynyň, ýyladyşhana toplumynyň, synag meýdançasynyň we beýleki düzümleriň, hususan-da, ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrligine degişli ylmy-barlag institutlarynyň, Arkadag şäherinde teklip edilýän şekil taslamalary hem-de bu desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentine görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, Oba hojalyk ministrliginiň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda bina ediljek ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň, Arkadag şäherinde ylmy-barlag däneçilik we ekerançylyk institutlarynyň teklip edilýän şekil taslamalary bar.
Serdar Berdimuhamedow görkezilen şekil taslamalary we degişli binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy.
Wise-premýer T.Atahallyýew Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň hem-de ylmy-önümçilik tejribe meýdançalarynyň teklip edilýän Baş meýilnamasy, Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň ylmy-önümçilik tejribe meýdany, şunda ýüpekçilik we ösümlikleri goramak işlerini geçirmäge, ot-iýmlik ekinler, miweli baglar we üzümçilik, ýyladyşhana toplumy, gökçülik we bakjaçylyk, gowaça hem-de bugdaý ekmek üçin niýetlenen ýer bölekleri, olaryň möçberi, synag meýdançasynyň teklip edilýän görnüşleri barada hasabat berdi.
Gurulmagy meýilleşdirilýän ylmy-barlag önümçilik institutlarynda ekerançylykdan bol hasyl almagyň, maldarçylygy ähli görkezijiler boýunça ösdürilmeginiň, iň esasy bolsa, gök, bakja, maldarçylyk önümleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginiň mundan beýläk-de ähli ugurlary ylmy esasda öwrenilmelidir we ösdürilmelidir diýip, döwlet Baştutany belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň  we ugurdaş düzümleriň, şol sanda ylmy-barlag we önümçilik institutlarynyň gurulmagynyň ýokary okuw mekdebinde berilýän bilimiň tejribe arkaly berkidilmeginde aýratyn ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Şunda uniwersitetde bilim alýan talyplar ylmy-barlag institutlary bilen gatnaşykda bolup, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda has-da ösdürmegiň ugurlaryny içgin özleşdirmelidirler. Olar nazaryýetde alan bilimlerini tejribede, ylmy önümçilikde yzygiderli berkitmelidirler.


düýn 19:01
901

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......