Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

  • 16.11.2023 22:31
  • 11k+

16-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde oba hojalygy ylmy taýdan ösdürmegi esasy ugur edinýän Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, şol sanda ylmy-barlag institutlarynyň binalarynyň, taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutany bu ýerde degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda esasan önümçilik toplumlary bina ediler. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik toplumlary bilen bir hatarda, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň, oba hojalyk ylmy-önümçilik institutlarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär.
Iş saparynyň barşynda Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň Baş meýilnamasynyň we uniwersitete degişli ylmy-önümçilik tejribe meýdanlarynyň, ýyladyşhana toplumynyň, synag meýdançasynyň we beýleki düzümleriň, hususan-da, ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrligine degişli ylmy-barlag institutlarynyň, Arkadag şäherinde teklip edilýän şekil taslamalary hem-de bu desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow döwlet Baştutanyna şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän ylmy-önümçilik maksatly desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary we olaryň teklip edilýän ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi. Ilki bilen, Arkadag şäheriniň, Gökdepe etrabynyň we Aşgabadyň dolandyryş çägi, onuň ugurlaryny görkezýän çyzgylar hem-de degişdi ýer bölekleri hakynda giňişleýin maglumat berildi.
Serdar Berdimuhamedow görkezilen şekil taslamalary we degişli binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy.
Soňra Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, oba hojalyk ministri N.Nazarmyradowyň, daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazowyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurowyň we Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutany iş maslahatynda oba hojalyk toplumyna degişli döwrebap binalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary, olary üstünlikli amala aşyrmagyň esasy ugurlary we bu işleri netijeli ýerine ýetirmegiň toplumyň düzümleriniň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde ähmiýetli boljakdygy barada aýdyp, bellenilen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.


şu gün 19:01
15

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......