«Awatar: Aang hakynda rowaýat» multserialynyň esasynda teleserial dörediler

  • 16.11.2023 14:47
  • 6.8k+

«Netflix» kompaniýasy 2005-nji ýylda «Nikelodeon» teleýaýlymynda çykan «Awatar: Aang hakynda rowaýat» atly meşhur multserialyň ekranlaşdyrylan nusgasynyň täze treýlerini paýlaşdy. Wideo striming platformasynyň resmi «YouTube» kanalynda peýda boldy.

Şol bir wagtyň özünde, serialyň ilkinji görkeziljek senesi mälim edildi – ol 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda ýaýlyma berler. Wideoda serialyň baş gahrymanlarynyň hemmesi diýen ýaly bar, şeýle hem baş zalym gahryman görkezilýär. Serialyň sýužeti dört elementiň hemmesini dolandyrmagy öwrenmeli we dünýäde deňagramlylygy dikeltmeli Aang atly on ýaşly oglanjygyň başdan geçirmeleri hakynda gürrüň berýär.

düýn 20:25
3.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
4.6k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.8k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......