Dior moda öýi has körpeler üçin müşk çykardy

  • 15.11.2023 23:15
  • 7.1k+

Fransiýanyň Dior kompaniýasy kiçijik çagalar üçin müşk çykardy. Bonne Étoile çüýşesiniň eýesi bolmak üçin, ene-atalar 230 dollar tölemeli bolarlar. Bu barada aif.ru habar berýär.

“Dior-yň döredijilik müdiri Frensis Kurkjýan tarapyndan döredilen kompozisiýanyň düzüminde alkogol ýok we armydyň, itburunyň we ak muskusyň notalaryny saklaýar” – diýlip, çagalar üçin müşküň beýanynda aýdylýar.

Kurkjýanyň aýtmagyna görä, Bonne Étoile geçen asyryň 70-nji ýyllarynda önümçiligi bes edilen hoşboý ysyň janlanmasydyr. Parfýumer Baby Dior hataryna dolanyp gelmegi öňden bäri isländigini aýtdy.
Bonne Étoile-niň kiçijik çagalar üçin niýetlenendigine garamazdan, onuň bahasy çaganyňky diýer ýaly däl we ulular üçin hoşboý yslaryň aglabasyndan, şol sanda Dior kompaniýasynyň çüýşesini, takmynan, 145 dollara satyn alyp bolýan Sauvage müşküniň bahasyndan hem ep-esli ýokarydyr.
Şeýle-de bolsa, moda öýi bu täze ysyň öz muşdaklaryny kynçylyksyz tapjakdygyna ynanýar.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....